Siriýa temaly Astana gepleşikleri iýun aýynda Gazagystanda geçiriler

Siriýa temaly 18-nji Astana gepleşikleri 14-16-njy iýun aralygynda Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltan şäherinde geçiriler

1831464
Siriýa temaly Astana gepleşikleri iýun aýynda Gazagystanda geçiriler

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Aýbek Smadiýarow, Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň kepilliginde Siriýa krizisine çözgüt tapmak maksady bilen döredilen Astana gepleşikleriniň, öňümizdäki aý Gazagystanda geçiriljekdigini habar berdi. 

Aýbek Smadiýarow 14-16-njy iýun aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilen gepleşikleriň ýurdyň paýtagty Nur-Soltan şäherinde geçiriljekdigini we häzirki wagtda ministrlik hökmünde Astana gepleşikleriniň kepillendiriji ýurtlar statusyndaky ülkeleriň gatnaşyklaryny tassyklamak üçin tapgyry başladandyklaryny mälim etdi. 

Soňky gezek 2021-nji ýylyň 21-22-nji dekabr aralygynda geçirilen Siriýa temaly 17-nji Astana gepleşiklerinde, Siriýanyň häzirki ýagdaýy, ynsanperwer kömekleriň ýetirilmegi, Ženewadaky Siriýanyň Konstitutsion komitediniň işleriniň ýaňadandan başladylmagy, zamunlaryň çalşygy, ýesir alynan adamlaryň azat edilmegi we dereksiz ýiten adamlaryň gözlegleri ýaly ynam artdyryjy çäreler güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary bolupdy. 



Degişli Habarlar