Sujuogly: "EastMed taslamasy öli ýagdaýda dogulan bir taslamady" diýdi

DKTR-nyň Premýer ministri Faiz Sujuogly, metbugata beýanat berdi

1763314
Sujuogly: "EastMed taslamasy öli ýagdaýda dogulan bir taslamady" diýdi

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) Premýer ministri Faiz Sujuogly, ABŞ-nyň Gündogar Ortaýer deňizi Tebigy gaz turba geçiriji taslamasyndan (EastMed) berýän goldawyny çekmegi bilen baglanşykly: "Şonsyz hem EastMed taslamasy öli ýagdaýda dogulan bir taslamady, öli dogan taslama öldi" diýip habar berdi. 

DKTR-nyň Premýer ministri Faiz Sujuogly, metbugata beren beýanatynda, Kipriň töwereginde we gündogar Ortaýer deňizinde baý uglewdorod gorlarynyň bolmagy sebäpli bütin dünýäniň we esasan hem ösen ýurtlaryň ünsüni bu sebite öwürendigini, şeýlelik bilen Gündogar Ortaýer deňiziniň tankydy syýasy manýowrlaryň edilýän bir sebit ýagdaýyna öwrülendigini mälim etdi. 

Sujuogly, Gündogar Ortaýer deňizinden çykaryljak uglewodorod baýlyklarynyň Ýewropa ýetirilmegi babatynda ýeke täk amatly liniýanyň bardygyny, onuň hem Kipriň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna ýetirilmekdigini aýan etdi. 

ABŞ-nyň  ABŞ-nyň Gündogar Ortaýer deňizi Tebigy gaz turba geçiriji taslamasyna (EastMed) oňyn garamaýandygyny aýdan Sujuogly: "Aklyň ýoly bir, EastMed taslamasy ahlaksyzlykdy. Türkiýäni we DKTR-nyň bir gyra süýşürmek üçin edilen tagallady, gysgaça aýdanymyzda duşmançylykdy. Ykdysady dowamlylylyk bolmajak bir taslama bolanlygy üçin oňa goldaw bermek islän beýik döwletler goldaw bermekden ýüz öwürdiler. Şonsyz hem EastMed taslamasy öli ýagdaýda dogulan bir taslamady, öli dogan taslama öldi, ol biz üçin garaşylmadyk waka bolmandy" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar