“Şuşa Jarnamasy Taryhy Jarnama”

Baýramow “Şuşa jarnamasy sebitibiziň parahatçylygyna we durnuklylygyna uly goşant goşar” diýdi

1661750
“Şuşa Jarnamasy Taryhy Jarnama”

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Türkiýe bilen ýurdunyň arasynda baglaşylan Şuşa jarnamasynyň taryhy jarnamadygyny aýtdy.

Baýramow, Antalýa diplomatiýa forumynyň çäginde “Anadoly Habarlar” gullugyna beren beýannamasynda, Prezident R. T. Erdoganyň 15-nji iýunda Azerbaýjana guran saparyny “taryhy sapar” hökmünde häsiýetlendirip, “Prezident Erdogan Azerbaýjana ýygy-ýygyndan gelýär. Emma ilkinji gezek dünýä lideri, basyp alyşlykdan alas edilen ýere, Türk dünýäsinde özboluşly ýere eýe bolan Şuşa şäherine sapar gurady. Şuşada Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew bilen iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk jarnamasyna gol goýdy. Şuşa jarnamasy taryhy jarnamadyr” diýdi.

Jarnamanyň diňe bir Azerbaýjan bilen Türkiýä däl eýsem sebitde ýerleşýän ýurtlara hem uly goşant goşjakdygyny nygtan Baýramow “Şuşa jarnamasy sebitibiziň parahatçylygyna we durnuklylygyna uly goşant goşar” diýdi.



Degişli Habarlar