Täjik-Gyrgyz Serhedi Boýunça Ylalaşyklar Dowam Edýär

Işjeň toparlar, Gyrgyzstan bilen Täjigistanyň döwlet serhediniň jedeleşikli ýene-de 28,37 kilometri boýunça ylalaşyk gazanyldy.

2122467
Täjik-Gyrgyz Serhedi Boýunça Ylalaşyklar Dowam Edýär

Gyrgystan bilen Täjigistanyň arasynda serhetleriň jedeleşikli ýene-de 28,37 kilometri boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Gyrgyz hökümetinden berlen beýannama görä, serhetleri kesgitleýiş topary mart aýynyň 24-29-y aralygynda Gyrgyzstanyň Batken şäherinde bir ýere jemlenişdi.

Işjeň toparlar, Gyrgyzstan bilen Täjigistanyň döwlet serhediniň jedeleşikli ýene-de 28,37 kilometri boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Işjeň toparlaryň maslahatynda degişli teswirnama gol goýulandygy habar berildi.

Işjeň toparlaryň nobatdaky maslahaty Täjigistanda geçirler.

Gyrgyzstan bilen Täjigistanyň arasyndaky 970 kilometrlik serhediň 503 kilometri meselesinde düşnüşmezlik başdan geçirilýärdi.



Degişli Habarlar