Türk Geňeşi Prezident Erdogany dogulan güni bilen gutlady

Türki Dilli Döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşi (Türk Geňeşi) Prezident Rejep Taýýip Erdogany dogulan güni bilen gutlady

1591450
Türk Geňeşi Prezident Erdogany dogulan güni bilen gutlady

Türki Dilli Döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşine agza ýurtlaryň adyndan we öz adyndan gutlag ýüzlenmesini çap eden Baş sekretar Bagdad Amreýew: "Şu günki gün Türkiýe Respublikasy, siziň alyhezretleriňiziň başarnykly liderligi we parasatly döwlet adamy özboluşlylygyndan ylham alyp, möhüm durmuş-ykdysady we ylmy ösüşler, köptaraplaýyn özgeriş we öňe gidişlikler edip, dünýä derejesinde bir güýç ýagdaýyna geldi" diýip habar berdi. 

Amreýew, Prezident Erdoganyň Türkiýedäki degişli guramadyr edaralaryň Türk Geňeşiniň çäginde dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmeginde we berkemeginde möhüm rol eýeleýändigini beýan etdi. 

"Hem Türk Geňeşiniň adyndan hem-de hut öz adymdan, siziň alyhezretleriňizi ýene-de bir gezek dogulan günüňiz bilen gutlap, siz berk jan saglyk, abadançylyk we gejekdäki ähli işleriňizde üstünlikler arzuw edýärin. Pursatdan peýdalanyp doganlyk Türkiýäniň halkyna parahatçylyk we bagtyýarlyk arzuw edýärin" diýip belledi. 



Degişli Habarlar