Türk geňeşinde baýdaklar ýarysyna çenli aşakladyldy

Gazagystanyň Kovid-19 sebäpli ýogalanlar üçin milli ýas yglan etmeginde Türk geňeşi hem goldaw berdi

1454315
Türk geňeşinde baýdaklar ýarysyna çenli aşakladyldy

 

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň hormatyna Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşiniň, Türk geňeşiniň Baş sekretarlygynda baýdaklar ýarysyna çenli aşakladyldy.

Gazagystanyň Kovid-19 sebäpli ýogalanlar üçin milli ýas yglan etmeginde Türk geňeşi hem goldaw berdi.

Geňeşiň Stambuldaky Baş sekretarlygynda gurama agza ýurtlaryň we Türk Geňeşiniň baýdagy ýarysyna çenli aşakladyldy.

Mesele hakynda berlen beýanatda, koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlar üçin Gazagystanyň Prezidenti Jömert Tokaýewiň 13-nji iýuly milli ýas hökmünde yglan edendigi ýatladyldy.

Türk geňeşi Kovid-19 sebäpli ýogalanlar üçin gazak halkyna we döwletine gynanç bildirdi, kesellilere gyssagly şypa diledi.



Degişli Habarlar