Türk geňeşinden Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyna goldaw

Azerbaýjanda geçirilen Türk Geňeşiniň Döwlet baştutanlarynyň 7-nji maslahatynyň umumy jarnamasynda, Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyna goldaw berildi

1288549
Türk geňeşinden Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyna goldaw

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň ýer eýeçilik etmeginde geçirilen maslahata Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow we Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew gatnaşdy. 

Türk Geňeşine synçy ýurt hökmünde gatnaşýan Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban bilen gurama agza bolmasada guramanyň çärelerine işjeň ýagdaýda gatnaşýan Türkmenistanyň resmisi Pürli Agamyradow hem maslahata gatnaşdy.

Maslahatdan soň kabul edilen we liderler tarapyndan gol çekilen umumy jarnamada, Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýada Ýewfrat derýasynyň gündogarynda geçirilýän Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen baglanşykly: "Türk Geňeşi Türkiýäniň Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynyň terrora garşy göreşe, Siriýanyň territorial bütewiliginiň üpjün edilmegine, siriýalylaryň terrorçylaryň zulmyndan halas edilmegine we ýerlerinden göçürilen siriýalylaryň watanlaryna howpsyz we meýletin ýagdaýda gaýdyp barmaklary üçin şertleriň döredilmegine goşant goşjakdygyny umut edýändigi we ynanýandygy beýan edilýär" diýip bellendi. 

 



Degişli Habarlar