Türk Geňeşine agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahaty Budapeştde geçirildi

Maslahatyň jemleýji jarnamasynda Türk geňeşiniň Ýewropadaky ofisiniň Budapeştde açylmagynyň ähmiýetine üns çekildi

1273469
Türk Geňeşine agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahaty Budapeştde geçirildi

 

Türk Geňeşine agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 10-njy maslahaty Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň hem gatnaşmagynda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçirildi.

Maslahatyň jemleýji jarnamasynda Türk geňeşiniň Ýewropadaky ofisiniň Budapeştde açylmagynyň ähmiýetine üns çekildi.

Jarnamada “Türk geňeşiniň Ýewropadaky ofisi, Türk geňeşiniň Wengriýa bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek bilen çäklenmän eýsem şol bir wagtda Türk geňeşiniň ÝB-ne agza ýurtlar we guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegine goşant goşar. Ofis, TÜRKSOÝ, Türki dilli ýurtlaryň parlamentarlar Asambleýasy TÜRKPA, Türk Akademiýasy we Türk medeniýeti we mirasy ýaly guramalar bilen Wengriýanyň ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi üçin amatly şert döreder” diýildi.

Jarnamada, ministrleriň 15-nji oktýabrda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda geçiriljek Türk Geňeşiniň liderler maslahaty üçin görülýän taýarlyklary ara alyp maslahatlaşandygy nygtaldy

 

 

 

 



Degişli Habarlar