Türk harbylar Azerbaýjanly esgerlere harby tälim berer

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri, Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat edilen sebitlerde Azerbaýjanyň goşunyna harby tälim berer

1537208
Türk harbylar Azerbaýjanly esgerlere harby tälim berer

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Guryýer güýçlerimiziň mina, elde ýasalan partlaýjy anyklama we täsirsiz ýagdaýa getirme toparlary Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat edilen sebitlerde doganlyk Azerbaýjanyň goşunyna goldaw bermäge başlady. Toparlarymyz men mina saplaýyş işlerine gatnaşar hem-de Azerbaýjanly esgerlere harby tälim berer" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar