“TürkAkym taslamasyny başyndan bäri goldaýarys”

Azerbaýjanyň döwlet Ýolbaşçysy Ilham Aliýew ýurdunyň TürkAkym taslamasyny başyndan bäri goldaýandygyny aýtdy

1332220
“TürkAkym taslamasyny başyndan bäri goldaýarys”

Aliýew Russiýanyň döwlet ýaýlymy “Rossiýa 24-e” beren interwýusynda sebitleýin energiýa taslamalary boýunça garaýyşlaryny beýan etdi.

Russiýa we Azerbaýjan tarapyndan iş ýüzüne geçirilýän energiýa taslamalarynyň biri-birine bäsdeş bolmandygyny gürrüň beren Aliýew, Günorta Gaz Koridory taslamasynyň tamamlanmagy bilen ýylda 10 milliard m3 tebigy gazyň Azerbaýjandan Ýewropa akdyryljakdygyna ünsi çekdi.

Aliýew: “Ol, Russiýanyň ýyllyk 150-170 milliard m3-a barabar gaz satuwynyň ýanynda kiçijik mukdar. Şol sebäpli Günorta Gaz Koridory bäsdeş taslama däl” diýdi.

TürkAkym taslamasy boýunça hem garaýyş beýan eden Aliýew: ““TürkAkym” taslamasynyň Türkiýe we Russiýa üçin nähili möhüm ähmiýete eýedigini bilýäris. İki ýurt hem biziň ýakyn hyzmatdaşymyz. Remi Baku TürkAkymy başyndan bäri goldady. Şeýle-de Azerbaýjan we Russiýa Türkiýede gurulan tebigy gaz infrastrukturasyndan bilelikde peýdalanyp biler” diýdi.

Rus gazyny Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa akdyrjak “TürkAkym” taslamasynyň resmi açylyş dabarasynyň 8-nji ýanwarda Stambulda geçirilmegi meýilleşdirilýär.



Degişli Habarlar