Türkiýe Bilen Azerbaýjan Diplomatik Gatnaşyklaryň Ýola Goýulmagynyň 30 Ýyllygyny Belläp Geçýär

Türkiýe Bilen Azerbaýjanyň Arasynda Diplomatik Gatnaşyklaryň Ýola Goýulmagynyň 30 Ýyllygy Bellenilip Geçilýär

1762593
Türkiýe Bilen Azerbaýjan Diplomatik Gatnaşyklaryň Ýola Goýulmagynyň 30 Ýyllygyny Belläp Geçýär

Türkiýe, Azerbaýjan bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30-njy ýylyny gutlady.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, 30 ýyl ozal “ Diplomatik gatnaşyklaryň ýaňadandan ýola goýulmagy hakyndaky teswirnama” gol çekişilmegi bilen iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň başlandygy nygtalyp, Azerbaýjanyň garaşsyzlygyny yglan etmeginden soň Türkiýäniň ilkinjileriň hatarynda Azerbaýjan bilen diplomatiýa taýdan gatnaşyk etmäge başlandygy ýatladyldy.

Beýannamada, Azerbaýjanyň 1991-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda halkara jemgyýetçiliginiň deň derejeli agzasy bolandygynyň yglan edilendigi we şol gün Türkiýäniň goşa baýramy belläp geçendigi bellenildi.

Beýannamada, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan soň 30 ýylyň dowamynda Türkiýäniň dost we doganlyk ýurt Azerbaýjana ähli taraplaýyn kömek berendigi, birek birege ýakyndan goldaw berendigi we muny gahryman Azerbaýjanyň harby goşunlarynyň 44 gün dowam eden watan söweşi bilen ýene-de bir gezek görkezendigi nygtaldy.

Iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň has güýçlenendigine üns çekilen beýannamada, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň dostlukly we doganlyk gatnaşyklarynyň, ýakyn hyzmatdaşlygyň sebitiň durnuklylygynyň we parahatçylygynyň kepilnamasy ýagdaýyna gelendigi bellenildi.

Beýannamada, 2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda gol çekişilen Şuşa jarnamasy bilen ýaranlyk derejesine göterlen gatnaşyklaryň mundan beýläk hem pugtalanmak bilen dowam etjekdigi ýatladyldy.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar