Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaki wizasyz syýahadyň möhledi 30 günden 90 güne göterildi

Ilçi Özoral “Iki ýurduň raýatlarynyň arasyndaky 30 günlük wizasyz syýahadyň möhledi 90 güne göterildi” diýdi

1367587
Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaki wizasyz syýahadyň möhledi 30 günden 90 güne göterildi

 

Türkiýäniň Azerbaýjandaky Adatdan daşary we Doly  ygtyýarly ilçisi Erkan Özoral, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaki wizasyz syýahadyň möhlediniň 30 günden 90 güne göterlendigini aýtdy.

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaki söwda gatnaşyklarynda iki taraply gümrük salgydynyň alynmagynyň käbir pudaklarda Türkiýede we Azerbaýjanda öndürlen hatyrlaryň bäsleşik güýjüniň azalmagyna sebäp bolandygyny nygtan Özoral, bu onaýsyz ýagdaýyň ortadan aýrylmagy üçin Saýlama söwda şertnamasynyň baglaşylandygyny belledi.

Şertnamanyň gysga wagtda güýje girjekdigini aýdan Özoral, şertnamanyň söwda gatnaşyklaryna uly goşant goşmagyna garaşylýandygyny nygtady.

Özoral “Iki ýurduň raýatlarynyň arasyndaky 30 günlük wizasyz syýahadyň möhledi 90 güne göterildi” diýdi.

 



Degişli Habarlar