Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky özara gatnaşyklar pugtalanmak bilen dowam eder

Prezident Erdogan Gazagystanyň esaslandyryjy Prezidenti Nazarbaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

24 Şubat 2020 02:50

Prezident R. T. Erdogan Gazagystanyň esaslandyryjy Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan berlen beýanata görä, Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň geljekde köptaraply platformalarda pugtalanmak bilen dowam etjekdigine ynanýandygyny belledi.