Türkiýe ermeni güýçleriniň hüjümini berk ýazgardy

Türkiýe ermeni ýaragly güýçleriniň Azerbaýjanyň Towuz etrabyna guran hüjümini berk ýazgardy

1453967
Türkiýe ermeni güýçleriniň hüjümini berk ýazgardy

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada Ermenistanyň imperialist milletparazlyk düşünjesiniň täze görkezijilerinden biri bolan bu aksiýanyň Azerbaýjan tarapyndan yzyna serpikdirilmegi agressiwliniň jogapsyz goýulmajakdygynyň anyk görkezijisidigi nygtalýar.

Beýannamada Ermenistanyň halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni Azerbaýjana degişli Ýokary Garabagda we etraplarynda uzak ýyllardan bäri dowam etdirýän bikanun basyp alyjylygyndan başga ýerlere sowmak hem-de düşnüşmezligiň göwrümini giňeldip, syýasy çözgüdiň öňüne böwet basmak üçin ýüz tutýan synanşyklarynyň puja çykýandygyna üns çekilýär.

Ermenistan tarapynyň şeýle usullaryndan el çekip, parasatly çemeşmelidigi we hukuk ýoluny saýlap almalydygy barada nygtalýan beýannamada, öz güýjünden aşa uly maksatlara ýetmek üçin netijesiz tagallalara girişmegiň Ermenistanyň pikirleniş kemçiliginiň bardygyny görkezýändigi we sebitdäki parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň öňünde uly päsgelçilik döredýändigini bellenilýär.

Beýannamada Ermenistanyň agressiw çemeleşmesiniň üstüni ýapma synanşygynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan hem kabul edilmeli däldigi nygtalyp: “Ermeni ýaragly güýçleriniň Azerbaýjanyň Towuz etrabyna guran hüjümi berk ýazgarýarys. Aradan çykan azerbaýjanly şehitler üçin dost we dogan azerbaýjan halkyna hem-de hökümetine duýgudaşlyk bildirýäris, ýaralananlara şypa dileýäris. Türkiýe territorial bitewiligini goramak ugrundaky göreşinde ähli mümkinçilikleri bilen Azerbjaýny goldamaga dowam eder” diýilýär.



Degişli Habarlar