Türkiýe-Gazagystan söwda gatnaşyklary özgerýär

Gazagystan Türkiýe bilen arasyndaky söwda mukdarynyň şu ýylyň ilkinji çärýeginde 1,5 milliard dollara ýetendigini habar berdi

1830172
Türkiýe-Gazagystan söwda gatnaşyklary özgerýär

Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň Döwlet Girdejileri komitetinden berilen beýanata görä, şu ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda ýurdyň iň köp daşary söwda amala aşyran ýurtlarynyň hatarynda Türkiýe 3-nji boldy. 

Şol wagt aralygynda iki ýurdyň arasyndaky söwda mukdary 1,5 milliard dollara ýetdi. 

Ady agzalan döwürde Gazagystanyň Türkiýä eksporty 1 milliard 252 million dollar bolan bolsa, Türkiýeden amala aşyrylan import bolsa 236,3 million dollar boldy.

Gazagystan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda mukdary geçen ýylyň şol döwründe 803,1 million dollar bolupdy. 

Şonuň 545,2 million dollaryny Gazagystanyň Türkiýä eksporty, 257,8 million dollary Türkiýeden amala aşyrylan importdan ybarat boldy. 



Degişli Habarlar