Türkiýe, Gyrgyz Respublikasyna Saýlaw Esbaplarynyň Satyn Alynmagy Üçin Maliýe Kömegini Berdi

Türkiýe saýlawyň adalatly we howpsyz ýagdaýda geçirilmegi üçin 100 müň dollarlyk maliýe kömegini berdi

1494481
Türkiýe, Gyrgyz Respublikasyna Saýlaw Esbaplarynyň Satyn Alynmagy Üçin Maliýe Kömegini Berdi

 

Türkiýe, Gyrgyz Respublikasynyň Merkezi saýlaw komissiýasyna, 4-nji oktýabrdaky saýlawlaryň adalatly we howpsyz ýagdaýda geçirilmegi maksady bilen saýlaw esbaplarynyň satyn alynmagy üçin maliýe kömegini berdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Merkezi saýlaw komissiýasyndan berlen beýanata görä, Komissiýanyn başlygy Nurjan Şaýyldabekoba bilen duşuşan Türkiýäniň Bişkekdäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jengiz Kamil Fyrat, saýlawyň adalatly we howpsyz ýagdaýda geçirilmegi maksady bilen saýlaw esbaplarynyň satyn alynmagy üçin 100 müň dollarlyk maliýe kömegini berdi.

Gyrgyzystan bilen Türkiýäniň saýlaw komissiýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çeken Şaýyldabekowa, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garamazdan saýlawlara synçy ugratjak Türkiýä minnetdarlygyny bildirdi.

Germaniýa, Şweýsariýa we Ýaponiýa hem BMG-nyň çäginde saýlaw kampaniýasyna goldaw bermek maksady bilen Gyrgyz Respublikasyna maliýe kömegini berdi.

Gyrgyzystanda 120 kürsüli mejlise girmek üçin 16 partiýadan jemi 1920 dalaşgar bäsleşer.

 Bellige alynan 4 milliona golaý saýlawçy mejlisiň täze agzalaryny kesgitlemek üçin ses berer.

Saýlaw kampaniýalary 3-nji oktýabra çenli dowam eder.



Degişli Habarlar