Türkiýe Hojaly gyrgynçylygyny berk ýazgardy

Türkiýe Azerbaýjanda ermenileriň 1992-nji ýylyň 26-njy fewralynda eden Hojaly gyrgynçylygyny we Azerbaýjana degişli ýerleri ençeme ýyldan bäri gözegçiliginde tutmagyny berk ýazgardy

1366761
Türkiýe Hojaly gyrgynçylygyny berk ýazgardy
Hocalı soykırımı.jpg
خوجالی hocalı.jpg

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada Ermenistan Respublikasynyň ýaragly güýçleri tarapyndan Azerbaýjanyň Ýokary Garabag Awtanomiýasyndaky Hojaly şäherine guralan hüjümlerde 106 sanysy zenan, 63 sanysy çaga we 70 sanysy garry jemi 613 bigünä Azerbaýjan raýatynyň wagşylarça gyrylandygy ýatladylýar.

Şol wakada müňden gowrak adamyň Ermenistanyň harby güýçleri tarapyndan ýesir alynandygyna üns çekilýän beýannamada, dereksiz ýitenler hakynda henizem maglumatyň bolmandygy nygtalýar.

Beýannamada: “Asuda ilata edilen wagşylarça hüjümler bilen bilelikde Azerbaýjana degişli ýerleriň basylyp alynmagy netijesinde 1 milliondan gowrak Azerbaýjanly öýlerini terk etmäge mejbur bolup, öz ýurtlarynda bosgunlykda ýaşaýarlar. Henizem Azerbaýjanyň territoriýasynyň 20 göterimi ermenileriň gözegçiliginde. Şol gyrgynçylygy we Azerbaýjanyň territoriýasynda uzak ýyllardan bäri dowam edýän basyp alyjylygy berk ýazgarýarys.

Azerbaýjanly doganlarymyzyň 28 ýyl ozal Hojalyda başdan geçiren gyrgynçylygyna çuňňur gynanç bildirýäris. Şol tragediýada pida bolanlara alladan rehnet dileýäris, bütin Azerbaýjan halkyna içgin duýgudaşlyk bildirýäris” diýilýär.



Degişli Habarlar