ÝB, Ermenistan bilen Azerbaýjana çaknyşygyň bes edilmegi barada çagyryş berdi

"Ermenistan-Azerbaýjan serhedinde bolan çaknyşykda ýitgi çekilmegi gynandyryjy"

1454337
ÝB, Ermenistan bilen Azerbaýjana çaknyşygyň bes edilmegi barada çagyryş berdi

 

ÝB, Ermeni ýaragly güýçleriniň Azerbaýjanyň Towuz etrabyna guran hüjüminden soň taraplara çaknyşygyň bes edilmegi we dartgynlygyň azaldylmagy üçin gyssagly işe girişilmegi barada çagyryş berdi.

ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsyzlyk jogapkär ýokary wekili Borrel mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda, Ermenistan-Azerbaýjan serhedinde bolan çaknyşykda ýitgi çekilmeginiň gynandyryjydygyny nygtady.

Beýanatda, taraplaryň Minsk toparynyň çäginde gönüden aragatnaşyk saklamalydygyna üns çekildi.

Beýanatda “ÝB taraplara ylalaşyga laýyklykda hereket etmekleri we gepleşikleriň ýaňadandan başlamagy üçin çagyryş berýär” diýildi.

Beýanatda şeýle hem dartgynlygyň azaldylmagy üçin gyssagly işe girişilmeginiň möhümdigi bellenildi.



Degişli Habarlar