ABŞ bilen Hytaý ykdysady we söwda gepleşiklerini seljerdi

Hytaýyň Wise-premýeri ABŞ-nyň Gazna ministri we Söwda wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1104435
ABŞ bilen Hytaý  ykdysady we söwda gepleşiklerini seljerdi

 

Hytaýyň Wise-premýeri Liu Hi, ABŞ-nyň Gazna ministri Stewen Mnuçin we Söwda wekili Robert Lighthizer bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Hytaýyň Söwda ministrliginden berlen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde Hytaýyň Döwlet başlygy Sizinping bilen ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň noýabr aýynyň 30-y bilen dekabr aýynyň 1-i aralygynda Argentinada geçirlen G-20-niň liderler maslahatynyň çäginde gazanan ylalaşygy barada pikir alyşdy.

Telefon söhbetdeşliginde şeýle hem ykdysady we söwda gepleşikleriniň geçirilmegi meselesi seljerildi.

G-20-niň çäginde özara duşuşyk geçiren ABŞ-nyň we Hytaýyň lideri iki ýurduň 90 günüň dowamynda goşmaça gümrük salgydynyň goýulmazlygy barada ylalaşyk gazanypdy.

 

 



Degişli Habarlar