ABŞ bilen Talibanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleri ýaňadandan başlady

ABŞ bilen terror guramasy Talibanyň arasynda 3 aý ozal bes edilen gepleşikler, Kataryň paýtagty Doha şäherinde ýaňadandan başlady

1319624
ABŞ bilen Talibanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleri ýaňadandan başlady

Kataryň Habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Owganystanda durnuklylygyň we parahatçylygyň üpjün edilmegi maksady bilen ABŞ bilen Talibanyň arasyndaky gepleşikler ýaňadandan başlady.

Habarda taraplaryň, araçylyk etmegindäki rolunyň ullakandygy we şol sebäpli Katara minnetdarlyk bildirýändikleri mälim edildi.

Gepleşikleriň naçe wagt dowam etjekdigi we düzümi barada bolsa maglumat berilmedi.

ABŞ bilen Talibanyň arasyndaky gepleşikler “Owganystanyň topraklarynyň, esasan hem Talibanyň gözegçiligi astyndaky ýerleriň terror guramalary üçin howpsyz ýagdaýda gelmezligi baradaky kepillige garşy ABŞ-nyň esgerleriniň ýurtdan dolulygyna çeklimegi bilen bagly wadanyň” çäginde geçirilýärdi.

Kabul şäherinde guralan hüjümiň netijesinde 1 amerikan esgeriniň öldürilmegi bilen bagly wakanyň jogapkärçiliginiň Taliban tarapyndan öz üstüne alynmagydan soň, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, 7-nji sentýabrda gepleşikleriň bes edilmegi barasynda karara gelipdi.


Etiketkalar: #Taliban , #Katar , #ABŞ

Degişli Habarlar