ABŞ-nyň we Russiýanyň Energetika ministrleri global nebit bazalary boýunça pikir alyşdylar

Russiýanyň Energetika ministri Aleksandr Nowak we ABŞ-nyň Energetika ministri Dan Bruillett global nebit bazarlary boýunça pikir alyşdylar

1389357
ABŞ-nyň we Russiýanyň Energetika ministrleri global nebit bazalary boýunça pikir alyşdylar

Russiýanyň Energetika ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada Nowak bilen Bruilletiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlik hakynda maglumat berildi.

Beýannamada: “Taraplar global nebit bazalarynyň ýany bien G20 we Bütindünýä banky arkaly özara hyzmatdaşlyk şertlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler nebit bazalarynda aşaklan islegiň we artykmaç önümiň global energetika pudagynyň ösüşine goşant goşmaýandygyny hem-de global ykdysady kadalaşmanyň başlamagyndan soň bazara durnukly üpjünçiligiň ýola goýulmalygy boýunça howp emele getirýändigini nygtadylar” diýilýär.

Telefon söhbetdeşliginde ministrleriň “bar bolan kynçylyklara” garşy ýelikli çäreleriň görülmegi we özara geňeşmeleriň dowam etmegi boýunça hem pikir alyşandyklary nygtalýar.

Beýleki tarapdan Russiýanyň Prezidentiniň Metbugat Sekretary Dmitriý Peskow Russiýa bilen Saud Arabystanynyň arasynda nebit bazarlary boýunça gepleşik geçirilmeýändigini aýtdy.

Peskow paýtagt Moskwada žurnalistlere beren beýannamasynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Saud Arabystanynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirmegiň meýilleşdirilmeýändigini beýan etdi.

Russiýa bilen Saud Arabystanynyň arasynda käbir meseleler boýunça düşnüşmezlikleriň bardygyny aýdan Peskow:  “Saud Arabystany bilen nebit bazarlary boýunça gepleşik geçirilmeýär. Emma ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň umumy şertlerine görä gerek bolan halatynda netijeli duşuşyklar tapgyryna başlap bileris” diýdi.

 



Degişli Habarlar