ABŞ Siriýadaky etniki we dini azlyklara 50 million dollarlyk ýardam berer

Ady agzalýan ýardam siriýalylaryň adam hukuklaryny guraýan degişli jemgyýetçilik guramalaryna berler

1287022
ABŞ Siriýadaky etniki we dini azlyklara 50 million dollarlyk ýardam berer

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Siriýadaky etniki we dini azlyklaryň hukuklarynyň goralmagy maksady bilen degişli guramalara 50 million dollarlyk ýardam berilmegini tassyklady

Ak Tamdan berlen ýazmaça beýannamada Trampyň, Siriýada ýitgi çeken etniki we dini azlyklaryň goralmagyna uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Beýannamada “Prezident Tramp, Siriýada ýitgi çekýän etniki we dini azlyklaryň hukuklarynyň goralyp saklanmagy üçin 50 million dollarlyk ýardam berilmegini tassyklady” diýildi.

Ady agzalýan ýardamyň siriýalylaryň adam hukuklaryny guraýan degişli jemgyýetçilik guramalaryna beriljekdigi bellenildi.

 


Etiketkalar: #ABŞ , #etniki azlyk , #ýardam

Degişli Habarlar