“Adam hukuklary halkara derejesinde gabaw astynda”

Antoniu Guterreş “Adam hukuklary halkara derejesinde gabaw astynda” diýdi

1104358
“Adam hukuklary halkara derejesinde gabaw astynda”

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş “Adam hukuklary halkara derejesinde gabaw astynda” diýdi.

Antoniu Guterreş Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasynyň kabul edilmeginiň 70 ýyllygy mynasibetli çap eden ýüzlenmesinde, Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasynyň 70 ýylyň dowamynda deň hukuklyga, sylag-hormada esaslanandygyny nygtady.

Jarnamadaky hukuklaryň diline, dinine we ynanjyna garamazdan her bir adam üçin deň derejelidigini nygtan Guterreş, adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasynyň ebedigini we bitewidigini aýratyn belledi.

Şu günki şol bir wagtda ýigrenjiň, öýke-kinäniň we basyşyň artýan döwründe adam hukuklaryny goraýjylara hem uly howpyň abanýandygyny aýdan Guterreş, “Adam hukuklary halkara derejesinde gabaw astynda. Hukugyň üstünligi täsirini ýetirýär. Adam hukuklaryna hemişekisinden uly ähmiýet bermegiň wagty geldi” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar