Angela Merkel "Oruç Reis" gämisi bilen bagly beýanat berdi

Federal Kansler Angela Merkel, bu meseläniň 10-11-nji dekabr aralygynda geçiriljek ÝB maslahatynda göz öňünde tutuljakdygyny mälim etdi

1537232
Angela Merkel "Oruç Reis" gämisi bilen bagly beýanat berdi

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, "Oruç Reis" seýsmiki ylmy-derňew gämisiniň Antalýa portyna gaýdyp gelmeginiň Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza ýurtlaryň maslahatyndan ozal gowy alamatdygyny belledi. 

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, Germaniýanyň ÝB-nyň döwürleýin başlyklygynyň çäginde eden çykyşynda, "Oruç Reis" gämisiniň Antalýa portyna gaýdyp gelmegi bilen baglanşykly: "Oruç Reis gämisiniň ýaňadandan Türk portyna gaýdyp barmagy gowy alamat" diýip habar berdi. 

Federal Kansler Angela Merkel, bu meseläniň 10-11-nji dekabr aralygynda geçiriljek ÝB maslahatynda göz öňünde tutuljakdygyny mälim etdi. 

Türkiýäniň iň köp bosgun kabul eden ýurtdygyny aýdan Merkel: "ÝB-nyň içinde bosgun meselesi bilen bagly jedelleşiklerde örän köp kynçylyk çekdik. Türkiýe bu babatda hormat goýulmaga laýyk bir ýurt. Türkiýä goldaw bermäge dowam etmelidiris" diýip belledi.



Degişli Habarlar