Astana Formaty Siriýanyň Konstitutsiýa Komitetiniň Döredilmeginde Esasy Rol Oýnady

Lawrow bilen Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif, paýtagt Moskwada duşuşdy

1496989
Astana Formaty Siriýanyň Konstitutsiýa Komitetiniň Döredilmeginde Esasy Rol Oýnady

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Astana formatynyň Siriýa Konstitutsiýa komitetiniň döredilmeginde esasy rol oýnandygyny aýtdy.

Sergeý Lawrow, Russiýanyň, Eýranyň we Türkiýäniň arasynda Siriýa Konstitutsiýa komitetiniň öz işini dowam etdirmegi baradaky hyzmatdaşlygyň dowam edýändigini belledi.

Lawrow bilen Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif, paýtagt Moskwada duşuşdy.

Iki kardeş duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Siriýanyň hökümetiniň we oppozisionerleriň arasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän gepleşikler meselesinde, Astana formatynyň siriýalylaryň arasyndaky düşnüşmezligiň çözülmegi üçin döredilendigini ýatlatdy.

Sergeý Lawrow, Astana formatynyň Siriýa Konstitutsiýa komitetiniň döredilmeginde esasy rol oýnandygyny belledi.

Eýranyň Daşary işler ministri Zarif hem Astana formatynyň, Siriýa Konstitutsiýa komitetiniň döredilmegine itergi berendigini ýatlatdy.

Siriýada çaknyşyksyz zolaklaryň döredilmegini göz öňünde tutýan Astana formaty, 2017-nji ýylyň maý aýynda Türkiýäniň, Russiýanyn we Eýranyň arasynda baglaşylan şertnama bilen güýje giripdi.



Degişli Habarlar