Baýden, Sinagogdaky Zamun Alynşyk Wakasyny “Terrorçylykly Aksiýa” Hökmünde Häsiýetlendirdi
Baýden “Bu waka terrorçylykly aksiýadyr” diýdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Teksasda sinagogda ýaraly hüjümçiniň 4 adamy birnäçe sagat zamun almagyny “terrorçylykly aksiýa” hökmünde häsiýetlendirdi.
ABŞ-nyň Adalat ministri Merrik Garland bilen telefon arkaly söhbetdeşik geçirendigini we waka hakynda maglumat alandygyny nygtan Baýden “Bu waka terrorçylykly aksiýadyr” diýdi.
Zamun alynan we birnäçe sagat soň boşadylan ruhany bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirjekdigini aýdan Baýden, hüjümçiniň nähili ýagdaýda ýaraga eýe bolandygy hakyndaky soraga bolsa “Bu soraglaryň jogabyny bilmeýärin. Hüjümçi ýaragyny köçeden alandygyny aýdýar. Men hiç zat bilmeýärin” diýip jogap berdi.
Düýn Teksas ştatynda sinagoga giren we 4 adamy zamun alan hüjümçi zamun alynanlardan birini 7 sagat, 3-ni bolsa 11 sagat soň boşadypdy.
Öli ýagdaýda ele geçirlen hüjümçini kimiň öldürendigi barada bolsa maglumat berilmedi.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.