Birleşen Arap Emirliklerinde Yzly Yzyna 4 Partlama Boldy

Husiler, Birleşen Arap Emirliklerine hüjüm gurandyklaryny mälim etdi.

1763907
Birleşen Arap Emirliklerinde Yzly Yzyna 4 Partlama Boldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu Dabide yzly yzyna partlama boldy.

Partlamalardan 3-i Abu Dabidäki senagat zolagynda boldy.

Senagat zolagynda nebitden doly 3 tanker ýaryldy.

4-nji partlama bolsa Abu Dabidäki halkara howa menziliniň golaýynda boldy.

Partlamalardan soň ýangynyň başlandygy habar berildi.

Partlamalarda hiç hili adam pidasynyň çekilmändigi nygtaldy.

Partlamalardan son Ýemendäki Eýran tarapyndan goldanýan Husiler, Birleşen Arap Emirliklerine hüjüm gurandyklaryny mälim etdi.

 



Degişli Habarlar