BMG-nyň Baş sekretary Şri-Lankada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Şri-Lankada düýn buthanalary we ybadathanalary nyşana alan 8 hüjümde 290 adam ýogaldy 500-den gowrak adam hem ýaralandy

1187895
BMG-nyň Baş sekretary Şri-Lankada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş Şri-Lankada buthanalara we myhmanhanalara guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

BMG-nyň Baş sekretarlygy tarapyndan berlen beýanata görä, Guterreş dünýäde Hristiýanlar üçin mukaddes bolan Paska baýramynyň çäginde myhmanhanalary we buthanalary nyşana alan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Ybadat edilýän ähli ýerleriň keramatlydygyny nygtan Guterreş, hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirdi.

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş hüjümiň jogapkärleriniň gysga wagtda tussag edilmegini isledi.

Şri-Lankada düýn buthanalary we ybadathanalary nyşana alan 8 hüjümde 290 adam ýogaldy 500-den gowrak adam hem ýaralandy.

 

 



Degişli Habarlar