Donald Tramp ABC News kanalyna nägilelik bildirdi

Tramp, özüniň Twitter hasabyndan beýanat berdi

1288194
Donald Tramp ABC News kanalyna nägilelik bildirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Amerikanyň ABC habar kanalynyň ýarag tanyşdyran mahaly görkezen güýçli partlamanyň wideosynyň Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynda alynan ýaly edip görkezmegini, skandal hökmünde häsýetlendirdi.

Günbatar mediasynda Türkiýäniň günorta serhedinde döredilmäge synanyşylan terror koridoryny ýok etmek, sebite parahatçylyk we durnuklylyk getirmek maksady bilen başladylan Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyna garşy ýalan maglumat bermek hereketi dowam edýärkä, Tramp, ABC kanalynyň, ýarag tanyşdyran mahaly görkezen wideosynyň operasiýa mahalynda alynan ýaly edip görkezmegine nägilelik bildirdi.

Tramp, özüniň Twitter hasabyndan beren beýanatynda: “ABC News kanalynda uly skandal. Siriýada türkleriň bombalamagy bilen baglanşykly hakykatdan hem örän erbet bir wideo görkezen mahaly tutuldy. Uly bir masgaraçylyk” diýip belledi.


Etiketkalar: #Donald Tramp , #kanal , #ABC

Degişli Habarlar