Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 44 müň adamdan geçdi

Sagalanlaryň sany 176 müň adam

1389425
Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 44 müň adamdan geçdi

 

Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 44 müň, wirus ýokaşanlaryň sany bolsa 883 müň adamdan geçdi. Sagalanlaryň sany bolsa 176 müň.

Eýranda soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 138 adam artyp 3 müň 36 adama ýetdi.

Azerbaýjanda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 5 adama ýetdi,  ýurtda ýene-de 24 adama wirus ýokaşandygy anyklanyldy. 267 adamyň bejergisi dowam edýär. Sagalanlaryň sany hem 26 adama ýetdi. Ýurtda 4 müň 602 adam hem karantinada.

Russiýada Kowid-19 sebäpli 22 adam ýogaldy. Hasaba alynanlaryň sany 2777 adama ýetdi. Epidemiýanyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen 27 welaýatda köçä çykmak gadagan edildi. Saglygy goraýyş ministri Nikolaý Briko, “Russiýada koronawirus ýokaşanlaryň sany ýokarlaýar” diýip duýdyryş berdi.

Ukrainanyň Saglygy goraýyş ministrligi ýurtda ýene-de 4 adamyň koronawirus sebäpli ýogalandygyny mälim etdi. Ýurtda Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 17, hasaba alynanlaryň sany hem 669 adama ýetdi. 10 adamyň hem sagalandygy bellenildi.

Belarusda 75 ýaşyndaky sungat ussady koronawirus sebäpli ýogaldy. Hasaba alynanlaryň sany 152  adama ýetdi.

Maldowada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 4, hasaba alynanlaryň sany 353 adama ýetdi.

Gazagystanda 3 adam koronawirus sebäpli ýogaldy, wirus ýokaşanlaryň sany 29 adam artyp 369 adama ýetdi.

Gyrgyz Respublikasynda Kowid-19 sebäpli hasaba alynanlaryň sany 111 adama ýetdi.

Özbegistanda epidemiýa sebäpli 2 adam ýogaldy, hasaba alynanlaryň sany 6 adam artyp 173 adama, sagalanlaryň sany 8 adama ýetdi.

Türkmenistanda heniz koronawirus sebäpli hasaba alynan keselli bolmady. Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, ýurtda welaýatara gatnaw we halkara uçar saparlary bilen birlikde ähli medeni çäreleri bes edildi.

Ermenistanda Kowid-19 sebäpli 3 adam ýogaldy, 30 adam sagaldy, wirus ýokaşanlaryň sany 39 adam artyp 571 adama ýetdi.

Gruziýada epidemiýa sebäpli şäherara gatnaw ýapyldy, hasaba alynanlaryň sany 115, sagalanlaryň sany 22 adama ýetdi.

Yrakda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 50 adama, wirus ýokaşanlaryň sany 684 adama ýetdi.

Palestinada hem koronawirus ýokaşanalryň sany 134 adama ýetdi. Halkara guramalar koronawirus epidemiýasy sebäpli Ysraýylyň tussaghanalaryndaky palestinaly tussaglylaryň sanynyň azaldylmagyny maslahat berdi.

Ysraýylda bolsa koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 21, hasaba alynanlaryň sany 5591 adama ýetdi. Kesellilerden 97-niň ýagdaýy agyr, 226 keselli bolsa sagaldy.

Tunisde koronawirus 10 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy, 394 adam hem hasaba alyndy. Ýurtda karantinanyň möhledi 19-njy aprele çenli uzadyşdy.

Kowid-19 sebäpli Marokkoda 638, Kuweýtde 317, Liwanda 479 adam hasaba alyndy.

Wirus sebäpli Omanda ilkinji ýitgi çekildi, hasaba alynanlaryň sany 210 adama ýetdi.

Pakistanda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 26, hasaba alynanlaryň sany 2 müň 42 adama ýetdi.



Degişli Habarlar