Eýran ABŞ bilen gepleşiklere oňyn garaýar

Hasan Ruhani ABŞ bilen ýaňadandan gepleşik geçirilmegi meselesine oňyn garaýandyklaryny belledi

1320382
Eýran ABŞ bilen gepleşiklere oňyn garaýar

 

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani paýtagt Tähranda ýerleşýän Mugallymlar uniwersitetinde eden çykyşynda ABŞ bilen ýaňadandan gepleşik geçirilmegi meselesine oňyn garaýandyklaryny belledi

ABŞ bilen baglaşylan ýadro ylalaşygynyň Eýranyň bähbidinedigini aýdan Ruhani, ylalaşykdan öň günde 1 million barrel bolan nebit eksportynyň şol ylalaşykdan soň 2 million 800 müň barrele çykarlandygyny ýatlatdy.

Hasan Ruhani “Duşman basyş etmek isleýär, Eýran bolsa muňa garşy durýar. Eger gepleşikler duşmanyň meýilnamalaryny puja çykarýan bolsa onda möhüm öwrülşik nokadyny emele getirer” diýdi.

 



Degişli Habarlar