"Eýran ABŞ bilen tussaglaryň çalşylmagy boýunça has ýakyn hyzmatdaşlyga taýar"

Jawad Zarif, ABŞ bilen tussaglaryň çalşylmagy boýunça has ýakyn hyzmatdaşlyga taýardyklaryny aýtdy

1320794
"Eýran ABŞ bilen tussaglaryň çalşylmagy boýunça has ýakyn hyzmatdaşlyga taýar"

 

Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif, ABŞ bilen tussaglaryň çalşylmagy boýunça has ýakyn hyzmatdaşlyga taýardyklaryny aýtdy.

Zarif mesele hakynda beren beýanatynda “Zamun alynan raýatlarymyzy öýlerine getirenden soň ABŞ bilen tussaglaryň çalşylmagy boýunça has ýakyn hyzmatdaşlyga taýar. Bu meselede ABŞ-dan jogaba garaşýarys” diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Zarif sanksiýalary basgylandygy sebäpli 1 ýyldan gowak wagt bäri ABŞ-da tussaglykda bolan Eýranyň raýaty Mesud Süleýmanyň 7-nji dekabrda şenbe güni boşadylandygyny mälim edipdi.

Zarif Süleýmany almak üçin ýörite uçar bilen Şweýsariýa gidipdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky tussagly çalşygy meselesinde “Ýalňyş ýere daşary ýurtda saklanan ähli raýatlarymyzy öýe getirmek üçin tagalla etmäge dowam ederis” diýipdi.

Ylmy işi üçin  2016-njy ýylda Eýrana giden Asly hytaýly ABŞ-nyň raýaty bolan Xiýue Wang içalylyk edýändigi sebäpli saklanypdy.

 


Etiketkalar: #tussagly , #ABŞ , #Eýran

Degişli Habarlar