Eýran bilen ABŞ tussagly çalyşdy

Zarif tussagly çalşygyna töwellaçylyk edendigi sebäpli Şwesiýanyň hökümetine sag bolsun aýtdy

1319380
Eýran bilen ABŞ tussagly çalyşdy

 

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarif, Tähran bilen Waşingtonyň arasynda tussagly çalşylandygyny aýtdy.

Zarif, Twitterden beren beýanatynda sanksiýalary basgylandygy sebäpli bir ýyldan gowrak wagt bäri ABŞ-da tussaglykda bolan eýranly alym Mesud Süleýmanyň boşadylandygyny mälim etdi.

Zarif, Süleýmanyň boşadylmagy bilen birlikde 2016-njy ýylda içalylyk edendigi sebäpli Eýranda saklanan asly hytaýly ABŞ-nyň raýaty Wangyň hem gysga wagtda ýurduna ugradyljakdygyny belledi.

Zarif tussagly çalşygyna töwellaçylyk edendigi sebäpli Şwesiýanyň hökümetine sag bolsun aýtdy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #ABŞ , #çalşyk , #tussagly

Degişli Habarlar