Eýran nebit tankerine guralan hüjüme degişli jogaby berer

Eýranyň baýdagyny göterýän Sabiti atly nebit tankerinde düýn ýerli wagt bilen 05.00-da we 05-20-de 2 aýry partlama bolupdy

1286889
Eýran nebit tankerine guralan hüjüme degişli jogaby berer

Eýranyň Milli Ýokary howpsyzlyk geňeşiniň Baş sekretary Ali Şemhani, Gyzyl denizde Eýrana degişli nebit tankerine guralan hüjüme degişli jogaby berjekdiklerini aýtdy.

Eýranyň resmi habarlar gullugy IRNA-nyň berýän habaryna görä, Şemhani, Eýranyň baýdagyny göterýän “Sabiti” atly nebit tankerine düýn Gyzyl deňizde Saud Arabystanynyň Jidde portunyň golaýynda nyşana alynmagy barada beýannama berdi.

Hüjüm hakynda derňew işiniň gozgalandygyny aýdan Şemhani, derňew işiniň netijesine görä, hüjüme degişli jogabyň beriljekdigini belledi.

Saud Arabystanynyň Jidde şäheriniň glaýynda düýn Eýranyň baýdagyny göterýän Sabiti atly nebit tankerinde düýn ýerli wagt bilen 05.00-da we 05-20-de 2 aýry partlama bolupdy

 

 

 



Degişli Habarlar