Eýran Ukraina degişli uçaryň adam faktory sebäpli ýere gaçandygyny habar berdi

Müjteba Zünnur, Eýranyň Mejlisiniň habarlar agentligine beýanat berdi

1343979
Eýran Ukraina degişli uçaryň adam faktory sebäpli ýere gaçandygyny habar berdi

Eýranyň Mejlisiniň Milli Howpsyzlyk we Daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Müjteba Zünnur, goranyş ulgamy tarapyndan raketa bilen urulyp ýere gaçyrylan ýolagçy uçaryň, kiber hüjümi sebäpli dälde, adam faktory sebäpli ýere gaçandygyny aýan etdi.

Eýranyň Mejlisiniň habarlar agentligine beýanat beren Zünnur: “Baş ştabyň resmileriniň taýarlan habarnamasynda, Ukraina degişli ýolagçy uçaryň adam faktory sebäpli ýere gaçandygyny subut edýär” diýip mälim etdi.

Eýranyň Yrakda Amerikan esgerleriniň ýerleşýän Aýn Al-Asad bazasyna guran hüjüminden soň, jogap bermek maksady bilen söweşjeň pozisiýa geçendigini ýatladan Zünnur: “ABŞ-nyň garşylyk görkezmek howpyna garşy, goranyş ulgamlaryň 100 göterim söweşjeň pozisiýa geçdi. Kruiz raketalarynyň atylandygy barada maglumat bardy. Bu maglumat tassyklananyndan soň goranyş ulgamlaryna habar berilmelidi. Diňe şolar ýaly bolmalydy” diýip belledi.

Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine gitmek maksady bilen Tähran halkara Ymam Humeýni howa menzilinden uçan Boeing 737 kysymly ýolagçy uçar, 8-nji ýanwarda çarşenbe güni irden howa galanyndan gysga wagt soň ýere gaçypdy. Wakada uçardaky 176 adam ýogalypdy.

Resmi Tähran, uçaryň başda Eýranyň goşuny tarapyndan ýere gaçyrylandygyny ret etdi, emma wakadan 3 gün soň Eýranyň Baş ştaby ýolagçy uçaryň kruiz raketasy hökmünde kabul edilendigini we gysga menzilli raketa bilen ýalňyşlyk bilen od açylyp ýere gaçyrylandygyny boýun alypdy.  


Etiketkalar: #uçar , #Ukraina , #Eýran

Degişli Habarlar