Eýranda sil sebäpli ýogalanlaryň sany 78 adama ýetdi

Türkiýe sil apaty sebäpli Eýrana 5 konteýnerlik ynsanperwer kömegini berdi

1187885
Eýranda sil sebäpli ýogalanlaryň sany 78 adama ýetdi

Eýranda mart aýynyn 31-de başlan aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli ýogalanlaryň sany 78 adama ýetdi.

Eýranyň krizis dolanşygy edarasynyň müdüri Ali Bahtiýary, mesele hakynda beren beýanatynda sil apatynyň 25 welaýatda 235 şäher bilen 4304 oba zeper ýetirendigini, sil sebäpli hazire çenli 78 adamyň ýogalandygyny, müň adamyň ýaralanandygyny nygtady.

Bahtiýari, sil apatynyň 10 million adamyň gündelik durmuşyna ýaramaz täsirini ýetirendigini, 400 müň adamyň başga ýere göçürlendigini, 40 müň ýaşaýyş jaýynyň hatardan çykandygyny, 41 müň ýaşaýyş jaýynyň bolsa abatlanmalydygyny belledi.

Beýleki tarapdan Eýranyň günorta gündogarynda ýerleşýän Sistan-Buluçistan welaýatynyň Hirmend şäherinde dowam edýän ýagyşlar sebäpli 8 obanyň boşadylandygy ýatladyldy.

Türkiýe sil apaty sebäpli Eýrana 5 konteýnerlik ynsanperwer kömegini berdi.

 



Degişli Habarlar