Eýrandaky sil apatynda ekin meýdanlaryna zyýan ýetdi

Hydmeti, sil sebäpli 50 gektardan gowrak ekin meýdanyna we 15-den gowrak oba zyýan ýetendigini mälim etdi

1833008
Eýrandaky sil apatynda ekin meýdanlaryna zyýan ýetdi

Eýranyň Erdebil welaýatynyň Pars Abad şäherinde täsirli bolan aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda, 15-den gowrak oba we 50 gektardan gowrak ekin meýdana zyýan ýetdi. 

Eýranyň resmi agentligi IRNA-nyň berýän habaryna görä, Erdebil welaýatynyň Krizis dolanşyk gullugynyň Baş müdüri Ali Hydmeti, Pars Abad şäheriniň Aslanduz şäherçesinde ýagyş we sil sebäpli zyýan ýeten topraklaryň uly böleginde gowaça ýetirişdirilendigini habar berdi. 

Hydmeti, sil sebäpli 50 gektardan gowrak ekin meýdanyna we 15-den gowrak oba zyýan ýetendigini mälim etdi. 

Eýranyň Gyzyl ýarymaý jemgyýeti sebitde hyzmat bermäge başlandygyny aýdan Hydmeti, sebitiň ýaşaýjylary bilen bagly häzirki wagtda hiç hili meseläniň bolmandygyny beýan etdi. 

Aslanduz we Beran şäherçeleriniň arasynda ýollaryň ýaňadandan açylmagy bilen birlikde sebitde gerek bolan çäreleriň görülýändigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar