Eýrandaky sil apatynda ýogalýan adamlaryň sany artýar

Eýranyň günorta sebitlerinde täsirli bolan aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelýän sil apatlarynda ýogalan adamlaryň sany 21-e ýetdi

1389103
Eýrandaky sil apatynda ýogalýan adamlaryň sany artýar

Ýurdyň Tiz kömek gullugynyň metbugat sekretary Müjetab Halidi, Eýranly Talyplar agentligi ISNA beren beýanatynda: "22-nji martdan bäri Pars welaýatynda 11 adam, Hürmüzgan welaýatynda 3 adam, Kum welaýatynda 3 adam, Sistan-Bulujystan welaýatynda 2 adam, Buşehr welaýatynda 1 adam we Huzistan welaýatynda 1 adam sil apatynda ýogaldy" diýip habar berdi. 

Hürmüzgan welaýatynda dereksiz ýiten 1 adamyň gözleg işleriniň dowam edýändigini aýdan Halidi, sil sebäpli ýene-de 14 adamyň bolsa ýaralanandygyny aýan etdi. 

Halidi, 30-njy martda ýekşenbe güni beren beýanatynda, sil apatlarynda ýogalanlaryň sanynyň 18 adamdygyny beýan edipdi. 


Etiketkalar: #sil apaty , #Eýran

Degişli Habarlar