Fransiýada Sary ýeňsizliler köçeleri doldurdylar

Fransiýanyň paýtagty Parižde hökümete garşy bolan Sary ýeňsizliler topary, demonstrasiýalaryň 3-nji aýynda ýene-de köçelere çykdylar

1147103
Fransiýada Sary ýeňsizliler köçeleri doldurdylar

Sary ýeňsizliler, ýangyjyň bahalarynyň gymmatladylmagyna we erbet ykdysady şertlere nägilelik bildirmek maksady bilen 2018-nji ýylyň 17-nji noýabrynda başladan demonstrasiýalaryny dowam etdirýärler.
Parižde Şamp-Ýeliseý köçesinde ýygnanan adamlar, paýtagtyň tapawutly köçelerinden ýöränlerinden soň, Eýfel minarasynyň golaýyndaky Şamp-de-Mars meýdançasyna bardylar. Demonstrantlar ol ýerde birnäçe wagt protestlerini bildirenlerinden soň dargadylar.
Bir bölek demonstrant bolsa Parižiň Repablik meýdançasyna ýygnandy.
Sary ýeňsizliler demonstrasiýalaryň 3-nji aýyny belläp geçdiler we Prezident Emmanuel Makronyň we hökümetiň syýasatyna garşy nägileliklerini ýene-de bir gezek nygtap geçdiler.
Parižiň Içeri işler edarasy, hiç hili dartgynlygyň başdan geçirilmedik demonstrasiýa 1 müň 500 adamyň gatnaşandygyny habar berdi.
Içeri işler ministrliginiň berýän habaryna görä şenbe güni Sary ýeňsizliler tarapyndan geçirilen demonstrasiýalara Parižde 5 müň bolmak bilen ýurtda jemi 41 müň 500 adam gatnaşdy.
Protest ýörüşlerde Parižde 29, Tuluzada 10 we Bordoda 19 adam göz tussaglygyna alyndy.
2018-nji ýylyň 17-nji noýabryndan bäri dowam edýän protestler, ýurtda soňky ýyllaryň iň uly protestleri hökmünde bellige alyndy.

Protestlerde 11 adam ýogaldy we 2 müňden gowrak adam ýaralandy, 8400 adam göz tussaglygyna alyndy, 1796 adam azatlykdan mahrum edildi.

Protestler ýurdyň ykdysadyýetine uly zyýan ýetirdi. Protestler sebäpli işsiz galan adamlaryň sany 72 müň 675 adama ýetdi, protestleriň döwlete çykdajysy 38 million ýewro boldy.



Degişli Habarlar