Fransiýadaky protestler dowam edýär

Ýurdyň ençeme ýerinde bolan ýol ýapmak aksiýalary hem gündelik durmuşa ýaramaz täsir ýetirdi

1319537
Fransiýadaky protestler dowam edýär

Fransiýada Prezident Emmanuel Makronyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň pensiýa reformasyna garşy geçirilýän protestler we ençeme pudagyň işgärleriniň işlerini taşlamagy sebäpli gündelik durmuş-ýaşaýyşy togtadan iş taşlaýyş düýn hem dowam etdi.

Ýurtdaky otly gatnawlary umuman alynanda durmak nokadyna gelen bolsa, uly şäherlerdäki transport gatnawlarynda uly bökdençlikler emele geldi.

Ýurdyň ençeme ýerinde bolan ýol ýapmak aksiýalary hem gündelik durmuşa ýaramaz täsir ýetirdi.

Paýtagt Parižde metro gatnawlarynyň umumy alynanda ýerine ýetirilmezligi sebäpli raýatlar we syýahatçylar kyn ýagdaýda galdylar.

Luwr muzeýi we Eýfel minarasy ýaly syýahatçylyk ýerler hem, syýahatçylary kabul etmekde kynçylyk çekdiler.

Başda bilim we saglygy goraýyş ugurlary bolmak bilen döwlet edaralarynyň hyzmatlarynda uly bökdençlikler emele geldi.

Sary ýeňsizliler topary hem pensiýa reformasy bilen baglanşykly protestleri goldamak maksady bilen köçelere çykdylar.

Sary ýeňsizlileriň uly gatnaşyk bilen geçen demonstrasiýadan soň, ünsler sişenbe geçiriljek uly demonstrasiýa gönükdi.

Sebäbi ilkinji protestlere goldaw beren Sary ýeňsizliler, ol günki demonstrasiýalara hem gatnaşarlar.

Makronyň hökümeti bolsa pensiýa reformasy babatynda yza ädim etmejekdiklerini beýan edip, reformanyň jikme-jikligini çarşenbe güni aýan etjekdiklerini habar berdi.



Degişli Habarlar