"Gazada Amerikan Göçme hassahanasynyň gurulmagyna rugsat bermeris"

Mahmud Abbas, Gazada Amerikan Göçme hassahanasynyň gurulmagyna rugsat bermejekdiklerini aýtdy

1319237
"Gazada Amerikan Göçme hassahanasynyň gurulmagyna rugsat bermeris"

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, Gazada Amerikan Göçme hassahanasynyň gurulmagyna rugsat bermejekdiklerini aýtdy.

Abbas, Ramallah şäherinde geçirlen Palestina Azat Edijilik guramasynyň Ýerine ýetirijiler komitetiniň maslahatynda çykyş etdi.

Abbas “Şuňa meňzeş hereketler, asyryň taslamasynyň ýuwaş-ýuwaş durmuşa geçirilýändigini subut edýär” diýdi.

Al Halil şäherinde Ysraýylyň bikanun ýagdaýda gurmak isleýän ýaşaýyş ýerleri barada hem durup geçen Abbas, şuňa meňzeş taslamalar durmuşa geçirilmäge dowam eden halatynda Ysraýyl we ABŞ bilen baglaşylan ähli şertnamalary bes ederis” diýip belledi.

ABŞ, Gazanyň demirgazygynda Ysraýyl serhedinde göçme hassahana gurmak isleýär.

Palestinanyň hökümeti hassahananyň gurulmagyna garşy çykýar. Hamasyň başda durmagynda Gazada iş alyp barýan beýleki guramalar bolsa hassahananyň gurulmagyna oňyn garaýar.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar