Gazada Ýogalanlaryň Sany 32 Müň 623 Adama Ýetdi
Ysraýylyň Gaza Sektoryna garşy 175 günden bäri guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.
Ysraýylyň harby goşunynyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 32 müň 623 adama ýetdi.
Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary Eşref Al Kudra, Ysraýylyň Gaza Sektoryna garşy 175 günden bäri guraýan hüjümleri hakynda maglumat berdi.
Kudra, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň soňky 24 sagatda Gazada ýene-de 71 palestinalyny öldürendigini, 112 palestinalynyň hem ýaralanandygyny nygtady.
Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 32 müň 623 adama ýetendigini aýdan Kudra, ýaralananlaryň sanynyň hem 75 müň 92 adama ýetendigini ýatlatdy.
Degişli Habarlar
Döwlet Sekretarlygynyň Metbugat Sekretary Ýurdunyň Gaza Syýasaty Sebäpli Wezipesinden Çekildi
Hala Gharrit, ýurdunyň alyp barýan Gaza syýasatyna garşylyk görkezmek üçin wezipesinden çekildi.