Germaniýada 27-nji Iýundan Başlap Immigrantlar Üçin İki Raýatlylyk Mümkin Bolar
Emma raýatlyk synagynda Ysraýyl bilen bagly täze soraglaryň bolmagy düşnüksiz.
Raýatlyk synagynda soraljak täze soraglar bilen antisemitistleriň nemes raýatlygyndan çykarylmagy göz öňünde tutulýar.
Federal Içeri işler ministrliginiň Metbugat sekretary sişenbe güni beren beýannamasynda gelejekde raýatlyk testinde antisemitizm, Ysraýylyň garaşsyzlyk hukugy we Germaniýadaky ýehudi durmuşy ýaly mowzuklara giň orun beriljekdigini aýtdy.
Federal Içeri işler ministri Nensi Feýzer sişenbe güni özüne berilen soraga; “Biziň gymmatlyklarymyza sarpa goýmaýan hiç kim nemes pasportuny alyp bilmez” we “Anti-semitizm, rasizm we beýleki adamzady kemsitme görnüşleri raýatlyga kabul edilmegi bökdeýär. Haýsydyr bir şertde geçirimlilik edilmez” diýip, jogap beripdi.
Degişli Habarlar
Döwlet Sekretarlygynyň Metbugat Sekretary Ýurdunyň Gaza Syýasaty Sebäpli Wezipesinden Çekildi
Hala Gharrit, ýurdunyň alyp barýan Gaza syýasatyna garşylyk görkezmek üçin wezipesinden çekildi.