Gresiýa Eýrana Degişli Gämini Saklady

Eýran Gresiýanyň nebit gatnadýan Eýrana degişli gämini saklamagy sebäpli, adybir ýurduň Tährandaky geňeşçi Ilçisini Daşary işler ministrligine çagyrdy.

1832905
Gresiýa Eýrana Degişli Gämini Saklady

Eýranyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannama görä ministrlige çagyrylan grek diplomata Eýrana degişli gäminiň saklanmagyna resmi Tähranyň berk garşylygy beýan edildi.

Gresiýanyň hökümetiniň “halkara borçlaryna äsgermezçilik edip, ABŞ-nň bikanun basyşlaryna boýun egendigine” üns çekilýän beýannamada; “Eýranyň baýdagyny göterýän gämidäki ýüküň konfiskasiýa edilmegi, grek hökümetiniň we gämini bikanun saklanlaryň jogäpkärçiligine degişli halkara garakçylygyň mysalydyr” diýilýär.

Beýannamada; “Eýran, kanuny hukuklaryndan el çekmez we grek hökümetinden denizjilik hem-de ulaglar boýunça halkara borçlaryny berjaý etmegine garaşar” diýilýär.

Eýranyň Portlar we deňizjilik edarasy ýaramaz howa şertleri hem-de tehniki näsazlyklar sebäpli grek kenarlaryna baran Eýrana degişli gäminiň saklanandygyny we gäminiň alyp barýan nebitiniň ABŞ-nyň talabyna laýyklykda konfiskasiýa edilendigini habar beripdi.

 



Degişli Habarlar