Gruziýanyň bazary Türkiýeden alynyp gidiljek dermanlara açyldy

Gruziýanyň Premýer ministri Irakli Garibaşwili, ýurdunyň derman bazarynyň Türkiýeden alynyp gidiljek dermanlara açylmagy bilen baglanşykly kararnama gol çekendigini habar berdi

1763802
Gruziýanyň bazary Türkiýeden alynyp gidiljek dermanlara açyldy

Gruziýanyň Premýer ministri Irakli Garibaşwili paýtagt Tbilisi şäherinde geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden ozal beren beýanatynda, geçen hepde dermanlaryň bahalarynyň arzanladylmagy we ýokary hilli dermanlaryň ýurda getirilmegi babatynda Türkiýeden derman satyn almak barada karara gelendiklerini ýatladyp: "Hökümediň kararnamasyna şu gün gol çekdik, şol sebäpli indi Türkiýeden ýokary hilli GMP ülňülerindäki dermanlar import ediler" diýip mälim etdi. 

Gruziýanyň Premýer ministri Irakli Garibaşwili dermanlaryň bahalarynda, Türkiýe bilen Gruziýanyň arasynda uly tapawudyň bardygyny, esasan hem iň köp talap bildirilýän dermanlaryň Türkiýede has arzandygyny aýan etdi. 


Etiketkalar: #bazar , #Türkiýe , #derman , #Gruziýa

Degişli Habarlar