Günorta Koreýa raýatlaryna nagt pul kömegini berer

Karara laýyklykda 14 million maşgala, bir gezekligine jemi 9,1 trillion won (takmynan 7,4 milliard dollar) berilmegi meýilleşdirilýär

1387828
Günorta Koreýa raýatlaryna nagt pul kömegini berer

Günorta Koreýanyň hökümeti, täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň ýurdyň ykdysady şertlerine ýaramaz täsir ýetirmezligi üçin az we orta girdejili maşgalalara, maliýe taýdan kömek bermek barada karar kabul etdi. 

Günorta Koreýanyň Ýonhap habarlar agentliginde berilýän habarlara görä, ýurdyň Döwlet baştutany Mun Çže In, Ykdysady Geňeşiň gyssagly ýagdaýda geçiren maslahatyndan soň beren beýanatynda, az we orta girdejili maşgalalara nagt pul kömeginiň beriljekdigini aýan etdi. 

Karara laýyklykda 14 million maşgala, bir gezekligine jemi 9,1 trillion won (takmynan 7,4 milliard dollar) berilmegi meýilleşdirilýär. 

Günorta Koreýada wirusa ýolugan adamlaryň sany 9 müň 661-e, şu günki güne çenli ýogalan adamlaryň sany bolsa 158-e ýetdi. 



Degişli Habarlar