Haftere bagly güýçler Berlin maslahatydnan soň ýaňadandan hüjüme başlady

Liwiýada ylalaşygyň we syýasy etabyň başladylmagy maksady bilen Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirilen halkara maslahatdan soň ýurdyň paýtagty Tripolide partlamanyň sesleri eşidildi

1343709
Haftere bagly güýçler Berlin maslahatydnan soň ýaňadandan hüjüme başlady

Liwiýanyň halkara guramalar tarapyndan ykrar edilen Milli Ylalaşyk hökümetine degişli güýçleriň alyp barýan Wulkanyň gahary operasiýasynyň metbugat geňeşçisi Abdulmalik Al-Medeni, Anadoly habarlar gullugyna beren beýanatynda, ýurdyň paýtagty Tripoliniň günortasyndaky Selahaddin sebitinde Halife Haftere degişli güýçleriň çem gelen ýere granatamýotlar bilen hüjüm gurap, ylalaşygyň düzgünini bozandygyny habar berdi.

Liwiýadaky taraplar we halkara jemgyýet, Germaniýanyň paýtagty Berlinde ýygnanan hem bolsa ýekşenbe güni Halife Haftere degişli güýçler, şol bir wagtyň özünde Hallatat sebitine hem hüjüm gurady.


Etiketkalar: #Halife Hafter , #Liwiýa

Degişli Habarlar