Hindistan Şeker Eksportyny Çäklendirdi

Hindistan, şeker eksportyny 10 million tonna bilen çäklendirdi.

1832495
Hindistan Şeker Eksportyny Çäklendirdi

Hindistan, şeker eksportyny 1-nji iýundan başlap 10 million tonna bilen çäklendirdi.

Ýaňy ýakynda bugdaý eksportyny hem çäklendiren Hindistanly ýolbaşçylar, dünýäde oba hojalyk önümlerine bolan talabyň artýandygy sebäpli içerki talabyň we nirh deňagramlylygynyň goralyp saklanmagy maksady bilen şeker eksportynyň 10 million tonna bilen çäklendirilmegi barada karar kabul etdi.

Ýolbaşçylar, ýurtda şu ýyl 30 million tonna şekeriň öndürilmegine garaşyýandygyny, içerki talabyň bolsa 28 million tonna çenli ýokarlap biljekdigini mälim etdi. Ýurtda içerki talabyň sentaýbr-noýabr aýlarynda geçiriljek festiwallar sebäpli artmagyna garaşylýar.

Hindistan, Braziliýadan soň dünýäde iň köp şeker öndürýän we eksport edýän 2-nji ýurt hökmünde tanalýar.

 

 

 

 



Degişli Habarlar