Hindistanda bolan ýangynda 43 adam ýogaldy

Hindistanyň paýtagty Täze Deli şäherinde fabrikleriň birinde ýüze çykan ýangynda 43 adam ýogaldy

1319599
Hindistanda bolan ýangynda 43 adam ýogaldy

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä, Täze Deli şäherinde iň gelim-gidimli köçeleriň biri bolan Rani Žhansi köçesinde ýerleşýän 5 gatly karton fabriginde şu gün irden ýangyn ýüze çykdy.

Ýoluň darlygy sebäpli ýangyn söndürijiler ýangyny söndürmekde kynçylyk çekdiler. Wakada 43 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy.

Köp sanda ýangyn söndürijiniň gözegçilik astyna almak islän ýangynda zäherlenen 56 adam hassahanalarda bejergi astyna alyndy.

Ýangynyň başlan mahaly işgärleriň binanyň içinde ýatandygy mälim edildi.

Ýangyn bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.


Etiketkalar: #fabrika , #ýangyn , #Hindistan

Degişli Habarlar