Hytaýdaky tokaý ýangynlarynda 19 adam ýogaldy

Hytaýyň Syçuan welaýatynda ýüze çykan tokaý ýangynlaryny söndürmek işlerine gatnaşan 19 adam ýogaldy

1388157
Hytaýdaky tokaý ýangynlarynda 19 adam ýogaldy

Şinhua habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Şiçang şäheriniň maglumatlar býurosyndan berilen beýanatda, düýn ýerli wagt bilen sagat 16:00-da fermalaryň birinde ýüze çykan ýangynyň, ýeliň täsiri bilen gysga wagtyň içinde golaýdaky daglyk sebite ýaýrandygy aýan edildi. 

Beýanatda, ýangyny söndürmek işlerine gatnaşan toparyň, sagat 02:00-da ýeliň ugruny duýdansyz üýtgetmeginden soň tokaýdaky ýangynyň ortasynda galandygy mälim edildi. 

Topar üçin başladylan gözleg we halas ediş işleriniň netijesinde, 18 ýangyn söndürijiniň we olara ýolbelet bolan ýene-de 1 adamyň jesetleriniň tapylandygy habar berildi. 

China Daily gazedi, gözleg we halas ediş işlerinde tapylan ýaraly 3 ýangyn söndürijiniň bolsa hassahanada bejergi astyna alynandygyny beýan etdi. 


Etiketkalar: #ýangyn , #Şinhua , #Hytaý

Degişli Habarlar